milli goshun logo
Mukaddes borjy berjaý edip
Mukaddes borjy berjaý edip
07.11.2018 1224 Habarlar | Harby özgertmeler

Häzirki döwürde, döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda Türkmenistan möhüm halkara meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezip, özüni tutuş dünýäde parahatçylyk, abadançylyk we ählumumy howpsuzlyk nukdaýnazaryndan çykyş edýän döwlet hökmünde ykrar etdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de açyklyk syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy saklamak üçin täsirli gurala öwrüldi.

Ine, düýn hem Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdebinde hem-de Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde gulluk möhletini tamamlan harby gullukçylar bilen dabaraly çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylarynyň söweşjeň taýýarlygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna doly kybap gelýär.

Olar çagyryş boýunça goşunda mynasyp gulluk etmek we harby hünäri ele almak bilen, gullukdan boşadylar we öýlerine gaýdyp geldiler.

Gullukda bolunýan iki ýylyň dowamynda ýaş esgerler köp zatlary öwrenmäge ýetişýärler. Kada bolşy ýaly, harby gullukda özleşdirilen tälimler hemişe-de zerur bolýar. Aragatnaşykçy esgerler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edaralarynda işläp bilerler, tank bölümleriniň esgerleri oba hojalyk tehnikalaryny aňsatlyk bilen dolandyryp bilerler. Şeýle mysallar örän köpdür.

Bularyň ählisi soňky ýyllarda goşunda amala aşyrylýan özgertmeleri hem-de harby gullugy hil taýdan täze derejä çykarmak meselesini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň hemaýatyna almagynyň aýdyň netijesidir.

Harby bölümleriň ählisinde harby gullukçylar täze 4 ýa-da 5 gatly binalarda ýaşaýar. Şol binalaryň otaglaryndaky ähli zatlar häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Harby gullugyň durmuş şertleri barada aýratyn durup geçmek isleýäris. Ýatakhana jaýlary örän arassa, şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek meseleleri oňyn çözülýär. Ýatakhanalarda howanyň temperaturasynyň ýylyň dowamynda şol bir derejede saklanmagy möwsümleýin keselleriň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär.

Häzirki döwrüň esgerleriniň iýmiti sazlaşykly we örän ýokumlydyr hem-de witaminlere we mikroelementlere baýdyr. Munuň özi bolsa esgerleriň saglygyna oňaýly täsir edýär.

Biz beden taýýarlygy hem-de sportuň goşundaky orny barada harby bölümiň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary maýor Nurýagdy Akmämmedow bilen söhbetdeş bolduk. Ol şeýle gürrüň berdi:

— Biziň bölümimizde ýaş esgeriň beden taýdan ösmegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ajaýyp şertler döredildi. Harby bölümiň çäginde beden maşklarynyň dürli görnüşleri üçin köp sanly meýdançalar ýerleşýär. Munuň özi örän wajypdyr, çünki Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow milli goşunyň beden taýdan güýçli we ruhy taýdan ösen ýaş adamlaryň terbiýeçilik mekdebi bolmalydygyny nygtaýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň çäginde ýerleşýän harby we sport desgalary hem ýaş esgerleriň hyzmatyndadyr. Şol desgalaryň hatarynda suwda ýüzülýän howuz, woleýbol we basketbol, kiçi futbol üçin niýetlenen meýdançalar bar. Stoluň üstünde oýnalýan tennis we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hem ähli mümkinçilikler döredildi. “Watançy” hokkeý topary hem harby gullukçylaryň düzüminden döredildi we içerki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýär.

Bir ýyl mundan ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazanan üstünligine harby gullukçylaryň düzüminden bolan türgenleriň hem uly goşant goşandygyny ýatlatmalydyrys. Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda geçirilýän dünýä çempionatynda eziz Watanymyza wekilçilik edýän ýurdumyzyň agyr atletika boýunça ýygyndysynyň düzüminde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, 89 kilogram agram derejesinde çykyş edýän sport ussady Izzatbek Meredow, serhetçi esger we Içeri işler ministrliginiň wekili bar.

Harby gullukçylaryň gullukdan boşadylýan güni baýramçylyk çärelerini we beýleki dabaralary geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Ine, bu gezek hem iki ýyl gulluk eden esgerler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdebine baryp gördüler.

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, Berdimuhamet Annaýew (merhum) “Edermenligi üçin” medaly bilen sylaglanyldy.

Goşunlaryň dürli kysymlarynyň esgerleri hormatly Prezidentimiziň atasynyň ýadygärligine uly tolgunmak duýgusy bilen gül desselerini goýdular. Soňra ýaşlar mekdebiň binasyndaky ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler.

Medeni maksatnama şu şäherçede ýerleşýän Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen konsert bilen dowam etdi.

Zala köp sanly goşun kysymlarynyň hem-de harby hünärleriň wekilleri – motoatyjylar, tankçy esgerler, aragatnaşykçylar we artilleriýa goşunlarynyň harby gullukçylary hem-de ýörite bölümleriň harby gullukçylary ýygnandylar.

Çäräniň dabaraly bölegi gulluk döwründe aýratyn tapawutlananlara hormat hatlaryny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmakdan başlandy. Soňra sahna yzly-yzyna aýdymçylar we harby sazandalar çykdylar. Çykyş edenleriň ählisiniň harby gulluga çagyrylan hem-de söweşjeň taýýarlygy ruhy ösüş, döredijilik kuwwatyny we çeperçilik zehinini açmak bilen üstünlikli utgaşdyrýan esgerlerdigini bellemelidiris. Galyberse-de, harby gullukçylar umumymilli aýdym-saz, edebi we beýleki bäsleşiklere işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, olarda ýeňiji hem bolýarlar.

Dabaranyň ahyrynda biz şu günler harby gullukdan boşadylýan, artilleriýa topuna erk edýän esgerleriň serkerdesi, kiçi seržant Serdar Ýazmyradow bilen söhbetdeş bolduk:

— Men Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk etmek hem-de örän gyzykly harby hünäri ele almak bagtyna eýe bolandygyma örän şatdyryn we muňa buýsanýaryn. Goşun gullugy maňa köp zatlary öwretdi. Men bu ýerde täze dostlarymy tapdym hem-de watançylyk we eziz Watanymyza söýgi duýgusynyň biziň kalplarymyzda ýaşaýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim.

***

Hawa, Türkmenistan bitarap döwletdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara meselelerini çözmekde diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullara esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýär.

Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň serişdesi hökmünde döwrebap we okgunly ösýän Ýaragly Güýçlere eýe bolmak örän wajyp wezipedir. Ýurdumyzda bu wezipe üstünlikli çözülýär.

Iki ýyllap gulluk eden ýaş ýigitlere syn edip, olaryň hakykatdan hem ata Watanymyzyň geljegidigine ynanýarsyň. Olara ýurdy ynanmak boljakdygy we biziň ýüzümizi ýere salmajakdygy şübhesizdir. Çünki, olar şeýle zerur durmuş mekdebini — harby gullugy geçdiler hem-de eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi we onuň öňündäki borjy ýerine ýetirmegi mukaddes hasaplaýarlar.

Biz Ýaragly Güýçlerimiziň berkidilmegine mundan beýläk-de uly üns bereris, çünki her bir döwlet öz halkyny goramagy başarmalydyr. Biz harby gullukçylarymyzyň durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrarys, çünki raýatlarymyzyň parahat we asuda durmuşy köp babatda olar üçin döredilýän durmuş şertlerine hem-de goşunymyzyň kuwwatyna baglydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar.