milli goshun logo
Möwsümleýin oba-hojalyk işleri ýokary guramaçylykda geçiriler
Möwsümleýin oba-hojalyk işleri ýokary guramaçylykda geçiriler
05.03.2019 1349 Habarlar

4-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri welaýatlarda geçirilýän işler, hususan-da, ýazky ekiş möwsümine, şol sanda gowaça ekişine hem-de ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler.

Şeýle hem durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň öz wagtynda gurulmagyny üpjün etmek hem-de ulanmaga bermek, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli çäreleri guramak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz ekerançylyk işleri bilen bir hatarda welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça görkezmeleri berdi. Bu ugurda maldarlara ähli zerur şertleri döredip, hemmetaraplaýyn ýardam bermelidigini nygtady.