Şenbe güni – 28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.
Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler sazlaşykly esasda dowam edýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli derejede tagalla edilýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.