milli goshun logo
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
23.09.2024 94 Habarlar

Düýn – 22-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen täze şäheri ösdürmegiň meselelerini, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. 

Milli Liderimiz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek meseleleri barada aýdyp, ýaşlaryň häzirki zaman intellektual eýeçiliginiň aýratynlyklaryny, sanly ulgamyň ähmiýetini işjeň özleşdirmekleri üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň häzirki zaman lukmançylyk ylmyna daýanýandygyny belledi.