Düýn – 14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny 2025-nji ýylda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylmagy göz öňüne tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz bu babatda 2025-nji ýylyň özgerişler ýyly bolup biljekdigini we bolmalydygyny nygtap, BMG-niň Türkmenistanyň Konsepsiýada beýan edilen maksatlaryny goldajakdygyna ynam bildirdi.
BMG-niň Baş sekretary Milli Liderimiziň telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan eden, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň we başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de olary goldady.
Telefon arkaly söhbetdeşlik BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.