milli goshun logo
Milli Liderimiz Erman Ylyjak bilen duşuşdy
Milli Liderimiz Erman Ylyjak bilen duşuşdy
03.09.2024 162 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň «Rönesans Holdinge» ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir.