milli goshun logo
Milli Liderimiz Erik Stýuart bilen duşuşdy
Milli Liderimiz Erik Stýuart bilen duşuşdy
18.12.2024 172 Habarlar

Düýn – 17-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda amerikan kompaniýalarynyň wajyp orny bardyr. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ony ösdürmekde «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşine aýratyn orun degişlidir.