milli goshun logo
Milli Liderimiz Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy
Milli Liderimiz Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy
09.09.2024 172 Habarlar

Düýn – 8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy öz adyndan hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan Gazagystanyň halkyny ýurduň şeýle wekilçilikli sport forumyny geçirmek hormatyna mynasyp bolmagy bilen gutlady we Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegini, bäsleşiklere gatnaşyjylara bolsa uly üstünlikleri arzuw etdi.