Düýn – 10-njy dekabr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa hökümetara derejede hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara dialog deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, goldaw bermek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.