milli goshun logo
Milli Liderimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýagdaýyny öwrenmegi tabşyrdy
Milli Liderimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýagdaýyny öwrenmegi tabşyrdy
08.01.2019 1030 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny netijeli ulanmaga, bu ulgamda işleri kämilleşdirmäge ýardam etjek möhüm wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda sebitleriň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, suwy rejeli peýdalanmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, ýerleri suwarmagyň döwrebap usullaryny oba hojalygyna ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri bar.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara alymlar we hünärmenler bilen bilelikde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýagdaýyny öwrenmegi, oba hojalygynyň hajatlary, kölüň töwereginde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleri üçin peýdalanmak maksady bilen, onda ýygnanan suwuň möçberini hem-de hilini jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy.

Şonuň üçin şora durnukly ýerlerde suwy peýdalanmak bilen bagly ylmy-barlaglary geçirmek hem-de köle golaý ýerlerde düýedarçylygy, balykçylygy ösdürmek möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde balykçylyk bilen meşgullanmak üçin daýhan hojalyklaryny döretmek bilen bagly meseläni içgin öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak barada Balkan welaýatynyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Umuman, ylmy nukdaýnazardan emeli köle ýanaşyk ýerleri işjeň özleşdirmek hem-de kölde ýygnanan suwy netijeli ulanmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamak zerurdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bularyň hemmesi diňe ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin uly ekologiýa ähmiýetine eýe bolup, türkmen döwletiniň ekologiýa syýasatynyň we suw diplomatiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi.