milli goshun logo
«Milli Goşun» žurnalynyň nobatdaky sany
«Milli Goşun» žurnalynyň nobatdaky sany
17.01.2019 1335 Habarlar | Harby özgertmeler

«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy. Ýurdumyzyň taryhy işleri dünýä döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde-de, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda-da, şonuň ýaly-da, Watan goragçylarynyň ykbalyndan, gündelik durmuşyndan söhbet açýan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynda-da öz teswirlemelerini tapýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy ýörelge, Bitaraplygymyzy görelde edinip, öňe barýan, milli merdanalaryň durmuşyna degişli iň derwaýys maglumatlary öz okyjylary bilen paýlaşýan «Milli goşun» žurnalynyň şu sanynyň süňňünden taryhy işleriň beýany eriş-argaç bolup geçýär. 

Žurnalyň bu sany hem çeper, syýasy we harby-taryhy makalalara baý boldy. Olardan, 2018-nji ýylda Watan goragçylarynyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli seneleriň ýylýazgysyny, harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň ruhubelentligini we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň geçirýän bäsleşiklerini beýan edýän makalalar bellärliklidir. Bulardan başga-da, žurnaldaky makalalarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen müň bir derwezeli galadan, BMG-niň alyp barýan işlerinden, Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň maglumatlaryndan we kiber howplaryň ýetirip biljek zyýanlaryndan söz açylýar.

«Milli goşun» žurnalynyň bu sanynda heňňamlara hemra bolan aňtawçylyk sungaty hakyndaky makala hem orun berildi. Žurnalyň soňky böleklerine tehnologiýa täzeliklerine, gadymyýetiň çuňlugyndan söhbet edýän harby-taryhy we ylmy makalalar, şeýle-de güýmenje üçin test we skanword ýerleşdirildi.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalymyzdaky maglumatlaryň ählisi-de, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň terbiýeçilik we söweşjeň taýýarlyk babatyndaky dünýägaraýyşlaryna oňyn täsir etjekdigine bil baglaýarys. Žurnalyň sahypalaryndan geçmiş dogrusyndaky taryhy, şu gün hakdaky hakykaty we ertirler baradaky aladalaryň beýanyny tapmak bolýar. Žurnalymyzyň söýgüli okyjysy boluň, žurnalymyza özüňiziň şahsy goşantlaryňyzy goşmaga wagt tapyň. Ol goşant siziň teklipleriňizden we döredijiligiňizden ybaratdyr.

Döredilýän ähli mümkinçilikleriň sakasynda duran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!

«Milli goşun».