milli goshun logo
Merdanalygyň halkara ykraryýeti
Merdanalygyň halkara ykraryýeti
26.09.2018 1121 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün, ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy – Berdimuhamet Annaýewe berlen «Edermenligi üçin» medalynyň Hormatly Belent Serkerdebaşymyza gowşurylmagy mynasybetli Türkmenistanyň  Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde milli buýsanja ýugrulan aýdymly, edebi sazly kompazisiýaly, şowhunly, çuňňur mazmunly çykyşly dabara geçirildi. Dabaranyň başy oňa gatnaşyjylaryň Merkezi serkerdeler öýüniň foýesinde guralan, Berdimuhamet Annaýewiň şöhratly ömür ýolundan söhbet açýan sergisine tomaşa etmek bilen başlandy.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň Merkezi serkerdeler öýüne ýygnanmagy bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasynyň astynda ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» medaly we Berdimuhamet Annaýewiň harby gullugyna dahylly arhiwlerden ýygnalan kitap görnüşindäki resminamalary dabaraly ýagdaýda sahna getirildi. Dabarada ýürekleri buýsançdan doly harby gullukçylar nobatma-nobat söz sözläp,  bu medalyň her bir türkmen üçin ähmiýetiniň uludygy barada belläp geçdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Watanyň üstüne abanyp biljek islendik howpuň garşysyna iň güýçli ýarag bolan – Watançylyk ruhunyň bu günki günde täzeçe mazmunda janlanýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şol Watançylyk ruhunyň beýanyndan söz açýan şatlyk-şowhuna beslenen çäre edebi-sazly kompozisiýa we şirin aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi.

Dabaranyň ahyrynda, ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy – Berdimuhamet Annaýewe berlen «Edermenligi üçin» medalynyň Hormatly Belent Serkerdebaşymyza gowşurylmagy mynasybetli geçirilýän çärä gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýüzlenme kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň Döwlet kasamy ýerine ýetirilip,  «Edermenligi üçin» medaly we Berdimuhamet Annaýewiň harby gullugyna dahylly arhiwlerden ýygnalan kitap görnüşindäki resminamalary harby okuwçylar tarapyndan dabaraly ýagdaýda sahnadan alnyp gidildi.

Harby okuwçylar nyzamly ýöriş bilen Merkezi serkerdeler öýüniň esasy girelgesinden çykyp, awtoulaga mündüler. Awtoulagyň yzy bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de dabara gatnaşyjy şahsy düzüm dabaraly harby-nyzamly ýöriş bilen Türkmenistanyň  Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine geldiler. Harby okuwçylar harby mekdepdäki ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliginiň öňündäki ýörite niýetlenen ýere «Edermenligi üçin» medalyny we resminamalaryny ýerleşdirdiler.

Dabaraly sazyň astynda ýerine ýetirilen bu täsirli pursatdan soň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we dabara gatnaşyjy şahsy düzüm ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliginiň öňünde harby däp-dessury berjaý etdiler.

«Milli goşun»