milli goshun logo
Mähirli gutlaglar
Mähirli gutlaglar
12.03.2024 415 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Tamaş Şuýoka Wengriýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tamaş Şuýoka tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle hem Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

                                                                                   ***

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen işleşmegi meýilleşdirýärin» diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde uly üstünlik, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.