milli goshun logo
Mähirli gutlag
Mähirli gutlag
21.09.2024 68 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana, Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz dürli ugurlarda ýola goýlan we özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ermenistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.