Düýn – 10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.
Dabaralara gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny ýüzlerine sylyp kabul edip, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabaralarda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda halkymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, hormatly Prezidentimize buýsanjy şahyrana dilde, hoş owazlaryň üsti bilen beýan edildi.
Sylaglamak dabaralary ýurdumyzyň welaýatlarynda-da geçirildi.