milli goshun logo
Köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy
Köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy
08.03.2024 510 Habarlar

Düýn – 7-nji martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak dabarasy geçirildi.

Türkmen jemgyýetinde gadymy döwürlerden bäri belent hormata mynasyp bolan gelin-gyzlarymyzyň keşbinde mähirlilik, ýürekdeşlik, wepadarlyk, parasatlylyk häsiýetleri gözellik bilen sazlaşykly utgaşýar. Halkymyzyň bu asylly däpleri umumadamzat ähmiýetli taslamalaryň we giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty esasynda mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa barha artýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ene mähri» diýen hormatly ada ildeşlerimiziň ýüzlerçesiniň mynasyp bolmagy eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.