milli goshun logo
Jan Watanymyz Türkmenistanyň waspy
Jan Watanymyz Türkmenistanyň waspy
07.01.2022 3375 Habarlar | Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Täze ýylyň garşylanýan ajaýyp pursatlarynda ata Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony «Jan Watanym Türkmenistan!» diýip atlandyrandygyny aýtdy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Täze ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly eserini döretmegi döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýan watandaşlarymyzyň, ýurt goragynda sak durýan merdana harby gullukçylaryň kalbynda beýik döwrümize, jan Watanymyz Türkmenistana buýsanç duýgusyny has-da belende göterip, zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu eserde Watanyny jandan söýýän her bir türkmeniň, şol sanda Watan goragçylarynyň Türkmenistan döwletimize egsilmez söýgä ýugrulan ýürek sözi jemlenendir.

Maslahatyň dowamynda eziz halkymyzy, merdana Watan goragçylaryny many-mazmunly eserleri bilen begendirýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, galamynyň ýiti bolmagy arzuw edildi.

«Milli goşun».