milli goshun logo
Iş maslahaty geçirildi
Iş maslahaty geçirildi
10.09.2024 170 Habarlar

Düýn – 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün etmek işleri dowam edýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinler ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär.