milli goshun logo
«Iň ussat halasgär»
«Iň ussat halasgär»
24.10.2018 1457 Habarlar | Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň  başda durmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady günsaýyn ýokarlanýar. Şol nukdaýnazardan, edermen Watan goragçylarynyň öňünde hem örän wajyp hem-de jogapkärli wezipeler durýar. Ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň nazaryýet taýýarlygynyň we tälim türgenleşikleriniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler ýygy-ýygydan geçirilýär. Ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, harby gullukçylaryň öz hünärlerinden baş çykarmaklary, şeýle hem häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna ussatlyk bilen erk edip bilmekleri bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi baradaky talaplara doly we dogry düşünýän ýurt goragçylarymyz yzygiderli türgenleşikleri, bäsleşikleri geçirýärler.

Ata Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň asuda, abadan durmuşynyň goraglylygyny üpjün edýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň  garamagyndaky Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň halas ediş toparlarynyň harby gullukçylary hem öz saýlan hünärleriniň ussatlary bolup ýetişýärler. Ýakynda, «Iň ussat halasgär»  ady bilen geçirilen bäsleşikde ýerlerdäki raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliklerinden düzülen toparlar özara bäsleşdiler. Halas edijileriň hünär taýýarlygyny, ukyp başarnygyny kämilleşdirmek we olaryň fiziki we ruhy taýdan durnukly häsiýetlerini ösdürmek, halas edijilerde öz hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik örän çekeleşikli boldy.

Halas edijiler awtoulagy dolandyrmak, tehniki enjamlarda işlemek, tüsseli päsgelçilikli otaglardan geçmek arkaly ejir çekeni halas etmek, halas edijiniň eşiklerinde gark bolany halas etmek, ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, gorag serişdelerini kada boýunça geýmek, şeýle-de sportuň görnüşlerinden ylgaw, turnikden özüňi çekmek we agyrlyk daşyny götermek ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň umumy jemleri boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan  toparlar we bäsleşigiň aýratyn görnüşleri boýunça tapawutlanan halas edijiler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Hawa, halas ediji harby gullukçylarymyz özleriniň bu hünär bäsleşigine ýokary taýýarlykly gelendiklerini aýdyň subut etdiler. Halasgär harby gullukçylarymyzyň mundan beýläk-de eziz Watanymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etmek bilen, harby borçlaryna ygrarly boljakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys!

«Milli goşun»