milli goshun logo
Iň köp medally türgenler
Iň köp medally türgenler
25.10.2018 923 Habarlar | Sport

Dünýä çempionatlarynda iň köp altyn medal gazanan türgenleriň sanawynda 1942-2011-nji ýyllarda ýaşan ozalky Soýuzyň ştangaçysy Wasiliý Alekseýew barýar. 110 kg agramdan ýokary derejede çykyş eden türgen 8 altyn medal gazandy. Ýene şonçarak Ýewropada-da çempion bolan Alekseýewiň 2 Olimpiýa altyn medaly hem bar. 2-3-nji ýerleri ozalky SSSR-iň ştangaçysy Ýurik Wardanýan bilen türkiýeli Naim Süleýmanoglu paýlaşýar. Olaryň 2-si hem 7 altyn 1 kümüş medal gazandylar. Irki ýyllarda 6 medal gazanan awstriýaly Ýosef Grafl 6 altyn, 2 kümüş medal bilen 4-nji ýeri eýeleýär.