milli goshun logo
Mähirli gutlag
Mähirli gutlag
02.09.2024 161 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Peter Pellegrinä ýurduň milli baýramy –  Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Slowakiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.