milli goshun logo
Iň gowy arzuwlar iberildi
Iň gowy arzuwlar iberildi
23.09.2024 92 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini hem-de ony mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini nygtap, döwletara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

 Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.