milli goshun logo
Ilýa Ilin dünýä çempionaty-2018-de çykyş etmez
Ilýa Ilin dünýä çempionaty-2018-de çykyş etmez
31.10.2018 805 Habarlar | Sport

4 gezek dünýä çempiony Ilýa Ilin Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyna ugramazynyň öňüsyrasynda planetanyň birinjiliginde çykyş edip bilmejekdigi hakynda beýanat berdi, diýip «SportX.kz» saýty ýazdy.

Gazagystanyň milli ýygyndysy 1-10-njy noýabr aralygynda  Türkmenistanyň paýtagtynda guraljak dünýä çempionatyna ugrady. Gazagystanyň ýygyndysynyň düzüminde meşhur atlet Ilýa Ilin hem bar. Ýöne onuň Aşgabatda ýaryşa gatnaşmajakdygy anyk belli boldy. 

– Men dünýä çempionatynda çykyş edip bilmejekdigim baradaky habary Gazagystanyň halkyna nädip ýetirjekdigim hakynda kän oýlandym – diýip, Ilýa Ilin uçara münmeziniň öňüsyrasynda saýtyň habarçysyna gürrüň berdi. – Netijede şol habary şu wagt we şu ýerde aýtmagy makul bildim. Ony siz ilkinji bolup eşitdiňiz. Oňurgamda şikes tapylandygy sebäpli dünýä çempionatynda çykyş edip bilmeýärin. 

Dogrymy aýtsam, geljekki sport karýeram hem sorag astynda. Ýöne ruhdan düşemok. Hemme zat ýerbe-ýer. Men Aşgabada tälimçi hökmünde barýaryn. Nižat Rahimowy ýaryşa taýýarlaryn. Sebäbi onuň bilen bir ýyllap bile taýýarlandyk. Şeýle-de, Zulfiýa Çinşanlo kömek ederin. Öz toparymyzyň tälimçilerine kömekleşerin. Bir söz bilen aýtsam, men dünýä çempionatynda çykyş edýän tälimçi bolaryn. 

Çeşme: www.ashgabat2018.com