milli goshun logo
Ilkinji gatnaşyjy türgenimizden 3 medal
Ilkinji gatnaşyjy türgenimizden 3 medal
02.11.2018 997 Habarlar | Sport

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 45kg agram derejesindäki ýaryşda ildeşlerimizi buýsandyrjak hoş habaryň şaýady bolduk. Bu ýaryşa ildeşimiz, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa hem gatnaşyp, ýurdumyza jemi 3 bürünç medal gazandyrdy. Ol ştangany silkip götermekde birbada 75kg, itekläp götermekde 94kg, umumy netije boýunça hem 169kg-lyk netije görkezip, ýaryşyň iki görnüşi we umumy netijesi boýunça bürünç medallaryň eýesi boldy. Çempionata ýurdumyzdan ilkinji gatnaşyjy hökmünde Watanymyza birbada 3 medaly getiren zenan türgenimiz türkmen janköýerleriniň buýsanjyny artdyrdy. Goý, bu başlangyç mundanam ýokary üstünlikler bilen dowam etsin! Indiki gatnaşjak türgenlerimiziň çykyşlaryna-da sabyrsyzlyk bilen garaşyp, olaryň hem üstünlikli çykyş etmeklerini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

«Milli goşun»