milli goshun logo
Iki günde 12 rekord
Iki günde 12 rekord
02.11.2018 1105 Habarlar | Sport

Iki güni yzda galan çempionatda şu gün ilkinji medallar gowşurylan bolsa, eýýäm 12-nji dünýä rekordy goýuldy. Olaryň 11-si ýaşlaryň, galan biri bolsa ulularyň arasynda goýlan rekorddyr.

Çempionatyň ilkinji gününde erkekleriň arasynda 55 kilogram agram derejesiniň B toparynda çykyş eden italiýaly 16 ýaşly türgen iki görnüşiň jemi boýunça 236 kilogram netije görkezip, dünýä rekordyny goýdy. Şol gün öz toparynda öňe saýlanyp, indiki ýaryşlarda A toparda çykyş etmäge hukuk gazanan türgen çempionatyň resmi saýtyna beren interwýusynda ilkinji gezek gatnaşýan dünýä çempionatynda rekord goýan şäheri hökmünde Aşgabady hemişe ýakym bilen ýatlajakdygyny aýtdy.

Şu gün çempionatda ýene birnäçe rekord goýuldy. Olaryň biriniň eýesi zenanlaryň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden wenesuellaly 17 ýaşly türgen Katerin Oriana Eçandia Zaratedir. Ýaryşda baýrakly orunlara düşüp bilmese-de, öz agram derejesinde dünýä rekordyny täzelemegi Günorta Amerika yklymyndan gelen türgen üçin özboluşly üstünlik boldy. Üstesine-de rekord täzelenýänçä, onuň ady dünýäniň rekordçysy hökmünde ýatlanylar.

Şu gün, günüň jemleýji ýaryşynda bolsa (erkekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesiniň A topary) 10 sany rekord goýuldy. Munuň özi dünýä çempionatynyň taryhynda-da juda seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr. Şol rekordlaryň 9-sy ýaşlaryň arasynda goýlan bolsa, biri ulularyň arasynda goýuldy. Şeýlelikde, şu çempionatda ilkinji gezek ulularyň arasynda hem rekord goýuldy. Ony Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan Ýun Çol Om goýdy. Ştangany itekläp götermekde onuň görkezen 162 kilogramlyk netijesi dünýä çempionatynyň rekordydyr.