milli goshun logo
Hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan maslahat
Hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan maslahat
16.01.2025 167 Habarlar

Düýn – 15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň giňden ykrar edilýändigini, şu jähetden, 2025-nji ýylyň dünýä derejesindäki hem-de Türkmenistanyň milli şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Çykyşlarda 14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, onda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň, şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýeti dogrusynda pikir alşandygyna aýratyn üns çekildi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.