milli goshun logo
Hormatly Prezidentimize ýaryşyň ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy
Hormatly Prezidentimize ýaryşyň ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy
27.10.2018 1077 Habarlar | Sport

Düýnki geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Aşgabatda şu ýylyň 28-nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Dünýä derejeli agyr atletikaçylaryň bu bäsleşigine Afrikadan, Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan we Okeaniýadan 100-e golaý döwletiň wekilleri gatnaşar. Çempionata daşary ýurtlardan jemi 800 türgeniň, 300 tälimçiniň, 45 eminiň we lukmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 70-siniň hem-de Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň 100-den gowrak işgäriniň — jemi 1500 adamyň gelmegine garaşylýar. Dünýä birinjiliginde 201 medal: 67 altyn, 67 kümüş we 67 bürünç medallary ugrunda bäsleşikler guralar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde 500-e golaý meýletinçi taýýarlanyldy.

Hasabatyň çäklerinde çempionatyň ähli çäreleriniň — lukmançylyk, ulag üpjünçiligi, türgenleri we myhmanlary naharlamak işleriniň guralyşy barada aýdyldy. Ýaryşlaryň geçirilýän döwründe Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän iri söwda merkezleriniň dördüsiniň gije-gündizleýin tertipde işlemegi guralar.

Wise-premýer agyr atletika boýunça dünýä birinjiligini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça görülýän çäreler barada aýtmak bilen, türkmen, iňlis we rus dillerinde çempionatyň resmi web-saýtynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Mundan başga-da, ýaryşlaryň geçirilýändigi baradaky habarlar “EURONEWS” teleýaýlymy hem-de 145 ýurduň telewideniýesiniň ýaýlymlary boýunça ýaýradylar.

Soňra Hökümet mejlisine çagyrylan sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýä çempionatynyň başlanmagy bilen gutlap, ähli türkmen türgenleriniň we ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Agyr atletika boýunça milli federasiýasynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýaryşlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin çakylygy, ýadygärlik nyşanlary we agyr atletikanyň demir taýagyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri nobatdaky uly sport baýramy bilen gutlady hem-de türkmen agyr atletikaçylaryna dünýä çempionatynyň medallary ugrundaky bäsleşiklerde uly üstünlikleri arzuw etdi.