milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
15.03.2024 282 Habarlar

Düýn – 14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Duşuşygyň barşynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine-de üns çekildi. Şunda Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlygyny goldaýandygy bellenildi.

Ýurdumyzyň banklarynyň we hususy pudagynyň bu iri maliýe düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.