milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi
08.01.2025 179 Habarlar

Düýn – 7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýändikleri kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.