Düýn – 13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat ikitaraplaýyn görnüşde, iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy. Munuň özi türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň, köpasyrlyk ýörelgeleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir.