milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy
08.01.2019 700 Habarlar

    Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Ir bilen milli Liderimiz Çoganly toplumynyň çägine geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi we beýleki degişli ýolbaşçylar, şol sanda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň dürli künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän medeni durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalaryň taslamalary we şolaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary goýlan ýere bardy.

Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hödürlenildi. Şolary 2020 — 2030-njy ýyllarda Bagtyýarlyk etrabynda gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Bu iri durmuş maksatly taslamalar tutuş şäherçäniň gurluşygyny öz içine alýar. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki edara binalarynyň, hyzmatlar we durmuş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygy bar.

Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna bu ýerde her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 8-sini gurmak meýilleşdirilýär. Olar umumylykda 2560 çaga niýetlenendir. Şeýle hem her biri 960 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy göz öňünde tutuldy. Olar jemi 5760 okuwça niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde Medeniýet öýi, Saglyk öýleriniň ikisi we Bagt köşgi gurlar.

Bularyň ählisi jikme-jik meýilnamalaryň esasynda dürli görnüşlerde görkezildi.

Mysal üçin, bu ýerde jemi 564 gektara barabar meýdanda ýaşaýyş jaýlarynyň 184-si ýerleşdiriler. Şolar umumylykda 16 müň 614 öýli 15 gatly we 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr. Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary jemi 74 müň 800 maşgala niýetlenendir.

Ýeri gelende aýtsak, her biri 88 öýli 15 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 72-si bolup, şolaryň 28-si üç otagly, 60-sy bolsa 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Umuman, bu jaýlar jemi 6 müň 336 maşgala niýetlenendir.

Bu ýerde şeýle möçberdäki maşgalalara niýetlenen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 66-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolarda jemi 96 öý bolup, 60-sy üç, 36-sy bolsa dört otagly öýlerdir.

Ýene-de iki toplumdan ybarat bolan 9 gatly ýaşaýyş jaýlary jemi 4 müňe golaý öýden ybarat bolar.

Mundan başga-da, awtomobil ulaglarynyň duralgalarynyň, hyzmat öýleriniň, 1 müň 500 orunlyk stadiony bolan sport toplumynyň, çagalar döredijilik merkeziniň, 48 gektara barabar meýdany bolan seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň, jemagat hojalyk binalarynyň we söwda merkezleriniň hem-de inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň we toplumlaryň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň täze binalarynyň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Olary 10 ýyl abadançylyk köçesiniň ugry boýunça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň garşysynda, ikinji görnüşi boýunça bolsa, Arçabil şaýolunyň ugrunda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň garşysynda ýerleşdirmek teklip edilýär. Baş meýilnama laýyklykda bu okuw mekdepleriniň toplumyna, esasy binalardan başga-da, konsert zallary, umumy ýaşaýyş jaýlary we sport merkezi we stadion, dynç alyş zolagy, duralgalar girer.

Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň goşmaça binalar toplumynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw merkeziniň we onuň iki sany umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, köp gatly awtomobil duralgalarynyň, gül bazarynyň gurluşygynyň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz dürli beýiklikdäki iri ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalaryna, şol sanda Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň çyzgylaryna aýratyn ünsi çekdi. Şäheriň sazlaşykly ösýän bu künjeginde çagalar baglaryny, mekdepleri, ýylda 40 müň näsagy kabul etmäge niýetlenen Saglyk öýüni, seýilgähleri we gök zolaklary gurmak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlarynda şäher giňişliginiň döwrebap gurşawynyň döredilmeginiň esasy talapdygyny belledi. Ýaşaýyş toplumlarynda adamlaryň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Şolar häzirki zaman söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlarynyň ýokary derejesine eýe bolmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady .

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.