Düýn – 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda oba hojalyk ministri, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.