Düýn – 13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu ekinleriň tohumlaryny, ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär.