Düýn – 12-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi. «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirip gelýändigi nygtaldy. Ol özüni ýurdumyzyň gurluşyk we senagat mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.