Düýn – 11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigini, sebit boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde anyk işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, ony Finlýandiýanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýörite wekili hökmünde bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.