Düýn – 10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, durnukly parahatçylyk we halkara howpsuzlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan terrorçylygyň ählumumy derejedäki wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň bu düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň halkara howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri öz wagtynda işläp taýýarlamak üçin uly ähmiýeti bardyr.
Myhman köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän hem-de täze ugurlary öz içine alýan Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy üçin hoşallyk bildirip, geljekde-de bütin dünýäde pugta parahatçylygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara goşant goşmaga taýýardygyny nygtady.