Düýn – 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň Türkmenistan bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Söhbetdeşler Türkmenistanda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sportuň bu görnüşleri dünýäde giňden ýaýrandyr we jemgyýetde berk bedenli, sagdyn şahsyýetleri ýetişdirmäge ýardam berýär.