milli goshun logo
Her sözün möhürläp, kalba basanym, hiç synmazdyr, yrylmazdyr kasamym!
Her sözün möhürläp, kalba basanym, hiç synmazdyr, yrylmazdyr kasamym!
10.06.2018 1936 Habarlar | Harby özgertmeler

Ähli duýgulary birbada özünde jemleýän bir mukaddeslik bar. Ol mukaddesligi bir gezek lebiz edensoň, şoňa mynasyp bolmaga öz-özüňden borçlandyrylýarsyň. Ýöne ol ömrüňde diňe birje gezek lebiz edilýär. Bu hem onuň mukaddesligine mahsus häsiýet. Ol mukaddeslik – harby kasamdyr.

...Onuň özboluşly ýaňlanmasy ýylyň iki wagtynda bolup geçýär. Häzirki wagtda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hataryna möwsümleýin çagyrylyşyň başlanmagy bilen harby kasam kabul edişlik dabaralary ýurdumyzyň dürli künjeginde giň gerime eýe bolýar. Harby kasamyň näderejede möhümdigini, mukaddesdigini ony kabul edýän ýaş esgerleriň hereketlerinden, tolgunmalaryndan aňmagam, işiň bir tarapy. Geň däl. Çünki olar «Watan goragy» diýlen mukaddes borjuň bosagasyndan ätleýärler. Ol gorag bolsa, ata-babalarymyzdan şu günki güne çenli diňe mert, merdana, gaýduwsyz ýigitlere ynanylyp gelinipdir. Diňe şeýle bolanda, ýurduň parahatçylygy doly derejede üpjün bolupdyr. Elbetde, ol gerçeklerem bu işe girişmezden ozal kasam içipdirler. Kasam mukaddesliginiň derejesini bolsa şeýle beýan edipdirler: «Ser bermekden çekinmeris, eden kasamymyz barka»...

Hawa, bu sözler her bir ýurt goragçysynyň aňyna guýlupdyr. Şol sebäpli-de olar Watan goragynda hiç wagt sarsmandyrlar. Bu ýagdaý harby kasamy täzelikde kabul eden-u-etjek ýaş esgerlerde hem şeýle bolar. Sebäbi – damarda akýan şol bir gan, gursakda atygsaýan şol bir jan. Pederlerimizden üzňeleşip gitjek ýerimiz ýok.

Harby kasam – ruhy güýç. Adam haçan-da bir zady etjegine kasam edende, mümkin däl zatlaram başarmak ukybyna eýe bolýar. Harby kasam hem Watan goragçysynyň kalbyna ganat baglap, ony edermenlige, gaýduwsyzlyga iterýär. Ýöne bir gezek kasam içensoň, yza ýol ýok. Çünki ähli döwürlerde hem kasamyna wepalylygyny saklamadyk adamyň jezasy agyr bolupdyr, onuň günäsi bagyşlanmasyz edilipdir. Şu ýagdaýlar göz öňüne tutulyp, şeýle düşünje döräpdir: «Gerçek harby kasamy kabul edenok, harby kasam gerçegi kabul edýär».

Şu ýerde ýene birzady bellemeli, edýän kasamyňa bilen birlikde, ýüregiňde köreýän söýgiň bolmaly. Söýgi – ähli wepadarlyklaryň sakasydyr. Şeýle bolanda kasam mäkäm bolýandyr.

Biz hem her bir harby kasam kabul edýän ýaş esgerlerimiziň Watan üçin iň soňky damja ganyna çenli bagyş edip, şirin janyny aýaman, ähli kynçylyklara hötde gelip, ýürekleriniň diňe Watan diýip urjakdygyna, bu mukaddes goragyň gullugynda sak durjakdyklaryna berk ynanýarys!