milli goshun logo
«Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler
«Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler
27.02.2019 705 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler.

Indi Awazada ýedinji gezek geçiriljek forumyň esasy maksady Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny, baý biologik dürlüligini hem-de kenarýaka landşaftlaryny aýawly saklamakdan ybaratdyr.

Awazada geçiriljek forum daşky gurşawy goramak meselelerine garamak hem-de olaryň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin oňat meýdança öwrüler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklarynyň hakyky gymmatlygyna göz ýetirmek ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda strategik çözgütleri kabul etmek, giň möçberli maýa goýum durmuş-ykdysady taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak, olaryň daşky gurşawa täsirine baha bermek üçin zerurdyr.