milli goshun logo
Harby türgenimiziň nobatdaky üstünligi
Harby türgenimiziň nobatdaky üstünligi
15.10.2018 929 Habarlar | Sport

Häzirki wagtda mähriban Watanymyz sport ulgamynda dünýä derejesinde uly abraýdan peýdalanýar. Türkmenistan diýarymyz abraýly ýaryşlary kabul edýär, şeýle-de ussat türgenlerine dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga şert döredýär.

Ýurdumyzyň ähli sport görnüşlerinden düzülen milli ýygyndysynyň düzüminde harby gullukçylaryň bardygy hem diýseň buýsandyryjydyr. Olar mähriban Watanymyza wepaly gulluk etmek bilen bir hatarda, abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyň hötdesinden gelýärler.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň 13-14-i aralygynda Çehiýa Respublikasynyň Ostrawa şäherinde jiu-jitsu sportunyň kombat görnüşi boýunça VIII dünýä çempionaty geçirildi. Çempionata 77kg agram derejesinde biziň ildeşimiz, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy Rüstem Penjiýew hem gatnaşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyklara ildeşimiz ynamly çykyp, garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar edip, çempionatyň final tapgyryna çykmagy başardy. Finalda harby türgenimiz Gyrgyz Respublikasynyň türgenini hem ýeňip, bu ugurda çempionlygy gazanmagy başardy.

Ýadyňyzda bolsa, R.Penjiýew Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem jiu-jitsu sportunyň kontakt görnüşinde, 85kg agram derejesinde çykyş edip, altyn medal gazanyp, Ýaragly Güýçlerimiziň, şol sanda ýurdumyzyň sport abraýyna abraý goşupdy.

Biz hem şeýle ussat, ezber, merdana Watan goragçysynyň üstünligine buýsanýarys! Geljekde hem harby türgenimiz Rüstem Penjiýewe sport äleminde diňe şowlulyklary arzuw edýäris!

«Milli goşun»