milli goshun logo
Halkara maslahat geçirildi
Halkara maslahat geçirildi
12.12.2024 51 Habarlar

Düýn – 11-nji dekabrda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň möhüm seneleri öz içine alýan geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Forumyň ady hem häzirki zaman şertlerinde bilelikdäki işjeň hyzmatdaşlygyň uly ähmiýete eýediginiň görkezijisi bolup durýar. Munuň özi ählumumy ösüşiň meýillerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki köp sanly möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň öňbaşçysy hökmünde olary hemişe dünýä bileleşiginiň bähbitleri bilen sazlaşdyrmaga ymtylýandygy nygtaldy.

Maslahatyň netijeleri Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.