Düýn – 12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde aýratyn baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti «Ýurt Bitarap, toýlar tutýar Arkadagly Serdarym» atly watançylyk mazmunly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Türkmenistanyň Döwlet horunyň we folklor toparlarynyň birleşen ansamblynyň artistleri bilen bilelikde ýerine ýetirilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusyna döredilen aýdym konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu aýdym her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine beslenýän Watanymyza buýsanjyň beýany bolup ýaňlandy.
Konsert maksatnamasy belli artistleriň, ýaş estrada aýdymçylarynyň ýurtlara we yklymlara özboluşly syýahata alyp gidýän çykyşlaryndan ybarat boldy.