milli goshun logo
«Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy»
«Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy»
18.02.2022 1598 Habarlar | Harby özgertmeler

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Ýakynda uly üstünliklere beslenip geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine bagyşlanan maslahata merdana Watan goragçylary gatnaşdylar.

Onda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi merdana ata-babalarymyzyň milli demokratik ýörelgeleriniň ajaýyp zamanamyzda dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle hem onda taryhy çözgütleriň kabul edilmegi mähriban halkymyzy, asudalygyň goragyndaky Watan goragçylaryny has-da buýsandyrdy. Umumymilli forumda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» belent maksatlara ýetmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Dabaranyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlara-da orun berildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Belent Serkerdebaşymyza Ýüzlenme kabul etdiler.

«Milli goşun».