milli goshun logo
Güýzki çagyryş möwsümi üstünlikli dowam edýär
Güýzki çagyryş möwsümi üstünlikli dowam edýär
05.11.2018 947 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu günler hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Harby gulluga çagyrylyşyň güýz möwsümini üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ähli harby bölümlerinde, serhet birikmelerinde, degişli harby edaralarynda zerur çäreler alnyp baryldy. Balkan welaýatynda hem harby gulluga çagyryş möwsümi netijeli dowam edýär. Welaýatyň etrap, şäher we welaýat harby wekilliklerinde harby gulluga çagyrylyşa degişli edilen raýatlara wagyz-nesihat işleri geçirilip, olara Watan goragynyň mukaddesligi babatda giňişleýin düşünjeler berilýär. Olaryň saglyk ýagdaýy gözden geçirilip, harby gulluga ýaramlylygy doly kepillendirilýär. Harby wekilliklere berkidilen iň esasy wezipe bolsa, her bir raýaty hünär derejesine laýyklykda harby bölümlere ugratmak bolup durýar.

Şeýle-de, çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan harby gullukçylaryň ätiýaçlyga goýberiş dabaralary hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde giň gerimde alnyp barylýar. Harby gullugyny göreldeli ýerine ýetiren geljekgi raýatlara Minnetdarlyk we Hormat hatlary gowşurylyp, dabaraly ýagdaýda öý-ojaklaryna ugradylýar. Şeýle çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine degişli ähli harby bölümlerde, serhet birikmelerinde, harby edaralarynda gyzgalaňly dowam edýär.

«Milli goşun»