milli goshun logo
GURYÝER GOŞUNLARYNYŇ TEHNIKI KUWWATYNYŇ ŞÖHLELENMESI
GURYÝER GOŞUNLARYNYŇ TEHNIKI KUWWATYNYŇ ŞÖHLELENMESI
27.09.2022 2168 Harby özgertmeler

Dabaraly harby ýöriş Ýaragly güýçlerimiziň Guryýer goşunlarynyň harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi bilen dowam etdi. Kuwwatly sowutlanan awtoulaglar, kämil söweşjeň tehnikalar we beýlekiler hatar tutup, Döwlet münberine bezeg berip geçdiler. Olaryň hatarynda «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň, Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň ussatlyk bilen erk edýän söweşjeň tehnikalary bar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň mahsus reňk tehnikalar, sowutlanan we ýaraglanan awtoulaglar, galyberse-de, uçarmansyz uçýan enjamlar we raketalar milli Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyndan habar berýär. Olar Watan goragynda merdana pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýän gerçekleriň demir atlarydyr, gollarynyň kuwwatydyr. Olaryň kömegi bilen ýurdumyz parahat, serhedimiz abadan, asmanymyz asuda. Şeýle kuwwatly tehnikalar, elbetde, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň milli goşunlarymyzyň maddy-üpjünçilik binýadyny kämilleşdirmek boýunça edýän aladalarynyň netijesidir. Harby doktrinamyzda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, olar diňe goranyş maksatly peýdalanylýar. Şonuň esasynda hem ýurdumyz tutuş dünýäde parahatsöýüjilikli we rowaç gadamlar bilen ösýän döwlet hökmünde tanalýar.

 Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!

«Milli goşun»