Düýn – 9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri geçiriljek halkara çäreler bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylaryň hersine öz gözegçilik edýän ulgamlary boýunça BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi tabşyrdy.