milli goshun logo
Geljegi nazarlaýan möhüm duşuşyk
Geljegi nazarlaýan möhüm duşuşyk
05.12.2024 88 Habarlar

Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi halklarymyzyň ýakynlaşmagy, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.