milli goshun logo
Geljegi nazarlaýan ikitaraplaýyn duşuşyk
Geljegi nazarlaýan ikitaraplaýyn duşuşyk
12.06.2024 191 Habarlar

Düýn – 11-nji iýunda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Ýun Sok Ýoly Aşgabatda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakadygyny belledi. Türkmenistan Koreýa Respublikasyna dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar hem-de bu ýurt bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi umumy bähbitlere laýyk gelýär.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde dowam etdi. Onda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.