milli goshun logo
Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy
Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy
29.09.2024 122 Habarlar

Anna güni – 27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen Garaşsyzlyk seýilgähinde, ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň özboluşly nyşany bolan beýik binagärlik toplumynyň öňünde ildeşlerimiz, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlar ýygnandylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyza parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Garaşsyzlygyň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýdy. Bu ajaýyp güller merdana ata-babalarymyzyň halkymyzyň erkinligi hem-de Garaşsyzlygy ugrunda köpasyrlyk göreşlerde görkezen edermenligine baky hormat-sarpany alamatlandyrýar.

Şol gün ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.