milli goshun logo
«Garagum ýalkymy» - Ýer ýüzüniň täsinlikleriniň sanawynda
«Garagum ýalkymy» - Ýer ýüzüniň täsinlikleriniň sanawynda
03.01.2019 4297 Habarlar

Türkmenistanyň meşhur syýahatçylyk ýadygärlikleriniň biri bolan «Garagum ýalkymy» nobatdaky gezek Ýer ýüzüniň iň täsin ýerleriniň sanawyna girizildi. Bu sanaw Hytaýyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň biri hem-de iň iri maglumat ulgamy bolan «sohu.com» tarapyndan düzüldi.

Žurnalistler Ýer ýüzündäki iň özboluşly hem gaýtalanmajak tebigy ýadygärlikleriň sanawyny düzdüler. Bu sanawa Ýer ýüzünde başga hiç ýerde duş gelmeýän täsinlikler girizildi.

«Garagum ýalkymy» diýlip atlandyrylýan, bütin dünýä belli alaw Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Giň sähranyň merkezindäki ägirt uly alaw täsinlik hökmünde ykrar edildi. «Garagum ýalkymy» alawynyň özüne çekijiliginiň sebäbine düşünjek bolýan jahankeşdeler bu künjek bilen gyzyklanýarlar. Bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary, gök asman we sähranyň özboluşlylygy ynsan ruhuna oňyn täsirini ýetirýär. Agşam düşmegi bilen täsinligiň ýokarsynda al öwüsýän öwüşgin emele gelýär. Alaw bu töwereklere öz ýylylygyny eçilýär. Agşamara täsinligi synlan syýahatçylaryň bu görnüşlere haýran galmagy tötänden däldir. Alawyň özboluşly öwüşgini günbatarda emele gelen altynsow şapagyň şekili bilen utgaşyp, gözellik döredýär. «Garagum ýalkymy» tebigy gaz ýatagy bolup, ol 1971-nji ýylda gözleg işleri alnyp barlanda, topragyň opurylmagy netijesinde emele geldi. Oýlugyň diametri 69 metre we çuňlugy 30 metre barabardyr.

Neşiriň bellemegine görä, soňky bäş ýylyň içinde «Garagum ýalkymyny» synlamak üçin bu ýere dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50 müňden gowrak jahankeşde geldi.

Özboluşly ýadygärlikleriň sanawynda Perunyň «älemgoşar» daglary, Filippinlerdäki şokolad baýyrlary, Boliwiýadaky Uýuny şorlugy, Awstraliýadaky gülgüne derýa we beýlekiler hem bar.